Şu gün Türkmenistanyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişler geçirildi. Aşgabatda geçirilen ýörişe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.
«Türkmenistan» gazetiniň elektron neşiriniň habar bermegine görä, Aşgabat şäheriniň «Welosiped» binasynyň ýanyndan badalga alan ýöriş Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen Ruhyýet köşgüniň deňindäki pellehana çenli dowam etdi.
Ýörişiň başlanan ýerinde we geçýän ugrunda medeniýet, sungat ussatlarynyň aýdym-sazlary, sport görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Belläp geçsek, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu sene mynasybetli türkmen halkyna ýollan Gutlagynda belleýşi ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedowyň esaslandyran bitewi, dowamly hem-de strategik döwlet syýasaty esasynda, Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 3-nji iýuny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnamasynyň, şeýle hem «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 15-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi tutuş halkymyzy, ilkinji nobatda, ýaş nesilleri çäksiz begendirdi, buýsandyrdy.
