Turkmenportal logo
02.06.22
75717571
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy Moskwada köpçülikleýin welosipedli ýöriş gurady
Photo from the official website of the Embassy of Turkmenistan in Russia

Her ýylyň 3-nji iýunyndan bellenilýän Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan köpçülikleýin welosipedli ýöriş Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.


Welosipedli ýöriş Moskwanyň iň bir gözel künjekleriniň biri bolan Maksim Gorkiniň adyny göterýän merkezi medeniýet we dynç alyş seýilgähinde geçirildi.


Türkmenistanyň Russiýadaky ilçihanasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, welosipedli ýörişe Moskwanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplary, ilçihananyň wekilleri we beýleki adamlar gatnaşdylar.