Her ýylyň 3-nji iýunynda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistanyň Gruziýada ýerleşýän ilçihanasy tarapyndan welosipedli ýöriş çäresi geçirildi. Bu çäre Milli welosiped federasiýasynyň ýardam bermegi bilen geçirildi.
Ilçihananyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, welosipedli ýörişe welosport bilen meşgullanýan türgenler, tälimçiler gatnaşdylar.
Welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Bütindünýä welosiped gününiň Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilendigini we milli senenamada aýratyn orny eýeleýändigini bellediler.
Şeýle sport çäreleriniň Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim bolup durýandygyny nygtadylar.