Soňky habarlar

Arhiw

Awstraliýadan dünýäniň iň uly ösümligi tapyldy

16:3101.06.2022
0
4698
Awstraliýadan dünýäniň iň uly ösümligi tapyldy
Surat: newatlas.com

Alymlar Awstraliýanyň günbatar kenarýaka ýerlerinden dünýäniň iň uly ösümligini tapdylar. Geçirilen genetik barlaglara laýyklykda, Şark-Beý aýlagyndaky bu çemenlikler aslynda bir ösümligiň baldagy diýlip bellenilýär. Birnäçe müň ýyl mundan ozal iki dürli suwotularyň emele getirýän tohumy amatly şertlerde özüni tapypdyr we 200 inedördül kilometre çenli ösýän ösümlikleri döredipdir.

Bu suw otlary süýümli ýa-da zynjyr oty diýlip hem atlandyrylýan Posidonia australis ösümlik görnüşlerine degişlidir. Bu suwotularyň ösüş depgini ýylda 35 santimetre ýetip, olaryň Posidonia australisiň häzirki ululygyna ýetmegi üçin 4500 ýyl gerek bolupdyr.

Mir24 internet neşiriniň ýazmagyna görä, bu giň göwrümdäki suwotular suw pyşdyllary, delfinler, leňňeçler we balyklar ýaly köp sanly suwda ýaşaýan jandarlar üçin iýmit çeşmesi bolup hyzmat edipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň