Turkmenportal logo
01.06.22
2958129581
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Olýa we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda yzygiderli gatnawlary ýola goýmaga taýýar
Türkmenistan Olýa we Türkmenbaşy portlarynyň arasynda yzygiderli gatnawlary ýola goýmaga taýýar

Türkmenistan bilen Astrahan oblastynyň arasyndaky ulag-logistika hyzmatdaşlyklary geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahatyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.


Astrahan oblastynyň Daşary aragatnaşyklar ministrliginiň saýtynda bellenilişi ýaly, bu wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginden, şeýle-de degişli edaralardan we guramalardan wekiller gatnaşdy.



Astrahanyň senagat we tebigy resurslar boýunça ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Ilýa Wolynskiniň bellemegine görä, Türkmenbaşydaky Halkara deňiz porty Astrahan üçin Merkezi Aziýa bolan ýeke-täk gatnaw nokady bolup durýar.


Gepleşikleriň dowamynda Olýa söwda deňiz portunyň direktory Aleksandr Melnikow bilelikdäki awtoparom şahalaryny ösdürmek bilen bagly maksatnamalary durmuşa geçirmäge rus tarapynyň taýýardygyny mälim etdi. Bu ugur boýunça türkmen tarapynyň hem uly gyzyklanma bildirilýändigi beýan edilýär.


«Türkmenistanyň ulag-logistika merkezi» AGPJ-niň Baş direktorynyň orunbasary Merdan Bäşimow Astrahan bilen Türkmenistanyň arasynda ýük gatnawyny yzygiderli üpjün etmek üçin zerur bolan ähli şertleriň bardygyny belläp geçdi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň başlygy Seýitguly Baýseýidow ikitaraplaýyn ýükleri daşamak işiniň ýola goýulmagyna portuň taýýardygyny aýtdy.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň wekilleri yzygiderli awtoparom şahalarynyň amal edilmeginde gämi üpjünçiliginiň taýýardygyny bellediler.


Gepleşikleriň ahyrynda bolsa taraplar halkara deňiz ýük gatnawlary bilen baglylykda, maslahatlary alyp barmagy dowam etdirmegi nygtadylar.