Turkmenportal logo
01.06.22
55095509
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Meşhur Stownhenj daşlaryny Ýelizaweta II-niň suratlary bilen bezediler
Meşhur Stownhenj daşlaryny Ýelizaweta II-niň suratlary bilen bezedilerSurat: ca.movies.yahoo.com

Wiltşir graflygynda ýerleşýän meşhur Stownhenj taryhy ýadygärliginiň daşlary Şa zenany Ýelizaweta II-niň suratlary bilen bezeldi. Bu suratlar Şa zenanynyň tagtda bolmagynyň 70 ýyllyk ýubileýine bagyşlandy.


Bu ýerde suratkeşler Ýelizaweta II-niň jemi 8 portretini şekillendirdiler.


Bu barada guramaçylar şeýle belleýärler: «Biz platina ýubileýini baýram etmek üçin iki sany britan ikonasyny birleşdirdik. Stownhenj daşlaryna Ýelizaweta II-niň 8 sany portretini çekdik. Olary her haýsy Şa aýalynyň tagta eýeçilik eden onýyllyklaryna bagyşlanandyr». Suratlaryň arasynda Ýelizaweta II-ä 1953-nji ýylda täç geýdirilişiniň, şeýle-de 1960-njy ýyllarda at üstündäki gezelenjiniň suratlaryny görmek bolýar diýip, gazeta.ru saýty sahypalarynda beýan edýär.