Turkmenportal logo
01.06.22
45804580
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky duşuşyklarynyň başlanjak wagtlary belli boldy
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryndaky duşuşyklarynyň başlanjak wagtlary belli boldy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyrynda geçirjek duşuşyklarynyň başlanjak wagtlary belli boldy.


Türkmen ýygyndysynyň «E» toparçada Bahreýniň, Malaýziýanyň we Bangladeşiň ýygyndylary bilen duşuşjakdygyny ýatladýarys. Bir aýlawdan ybarat boljak duşuşyklar Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler.


Türkmen futbolçylarynyň ilkinji duşuşygy 8-nji iýunda Malaýziýanyň ýygyndysy bilen bolar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen agşam sagat 18:00-da başlanar.


Üç günden soň ― 11-nji iýunda Bangladeşiň ýygyndysy bilen boljak duşuşyk bolsa gündiz 14:15-de başlanar.


14-nji iýunda Bahreýniň ýygyndysy bilen boljak duşuşyga hem ýene şol wagtda ― 14:15-de badalga berler.