Turkmenportal logo
01.06.22
50625062
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aziýanyň kubogy ― 2022: «Warziş» Özbegistan ― Türkmenistan duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer
Aziýanyň kubogy ― 2022: «Warziş» Özbegistan ― Türkmenistan duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer

Täjigistanyň «Warziş» teleýaýlymy 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndylarynyň arasynda geçiriljek Aziýanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň Özbegistan ― Türkmenistan duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer. Bu barada telekompaniýanyň resmi web saýty habar berdi.


Görkeziliş Aşgabat wagty bilen 20:05-de başlar. Duşuşygyň özüne bolsa 20:30-da badalga berler.


«Warzişe» Türkmenistandan IPTV arkaly hem tomaşa etmek mümkindir (39-njy teleýaýlym).


«Warziş» 17:50-de «A» toparçadaky Eýran ― Katar duşuşygynyň hem göni ýaýlymda görkezilişine girişer.