Soňky habarlar

Arhiw

Müsürde bürünçden ýasalan heýkelleriň ýüzlerçesi tapyldy

11:3301.06.2022
0
5549
Müsürde bürünçden ýasalan heýkelleriň ýüzlerçesi tapyldy
Surat: livescience.com

Müsüriň arheologlary tarapyndan Kairiň golaýyndaky Sakkara şäherinde gadymy heýkelleriň ýüzlerçesi tapylyp, olaryň açyk meýdanda sergisi guraldy.

Arheologlaryň geçiren gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda ýüze çykarylan gadymy ýadygärlikleriň hatarynda 150 sany bürünç heýkel we bereketiň hudaýy hasaplanan Isis bilen bagly dini dabaralarda peýdalanylan bürünç gaplar aýratyn ähmiýete eýedir.

Mir24-iň habar bermegine görä, Sakkara Müsüriň gadymy paýtagty Memfisdäki ägirt uly taryhy merkezleriň bir bölegi bolup durýar. Bu merkeze Giza piramidalary, Abu Sirdäki, Dahşur we Abu Ruwaýşdaky uly bolmadyk piramidalar girýär. 1970-nji ýylda bu ýerdäki taryhy ýadygärlikleriň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigini hem bellemek gerek.

Sakkarada tapylan gadymy heýkeller hemişelik sergi üçin Kairdäki täze Beýik Müsür muzeýine geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň