Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda 2022-nji ýylyň bäş aýynda Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň alyp baran işleriniň jemlerine garaldy, Garaşsyz Türkmenistanda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler kesgitlenildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Döwlet Baştutany mejlisiň gün tertibini yglan edip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berdi. Ministr şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýurdumyzda durnuklylygy, kanunylygy hem-de düzgün-tertibi saklamak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Türkmenistanyň goranyş ukybyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, esgerleriň we serkerdeleriň gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin degişli şertleri döretmäge gönükdirilen harby özgertmeleriň barşy hasabatyň aýratyn meselesi boldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, üstünlikli durmuşa geçirilýän, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň ýurtda parahat we asuda durmuşyň ygtybarly kepili bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Milli goşuny tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak, işgärleriň hünär derejelerini ýokarlandyrmak, harby gullukçylaryň durmuş üpjünçilik meselelerini çözmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlendi.
Döwlet Baştutany häzirki wagtda Ýaragly Güýçleriň hatarlaryndan ätiýaçlyga goýbermek we Türkmenistanyň raýatlarynyň ýazky çagyryş möwsümi boýunça amala aşyrylýan işleriň degişli derejede, kanunçylyga laýyklykda geçirilişini berk gözegçilikde saklamalydygyny nygtap, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna, goranmak ministrine birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam edip, ata Watanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe häzirden taýýarlyk görlüp başlanmalydygyna ünsi çekdi hem-de degişli görkezmeleri berdi.
Baş prokuror B.Atdaýew hasabat döwründe ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak, öňdebaryjy tejribäni ulanmak boýunça garamagyndaky düzümleriň alyp barýan anyk işlerini kämilleşdirmek maksady bilen, kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek babatda ýerine ýetirilen işler hem-de döwlet Baştutanynyň ozal beren, şol sanda işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň sütünlerini berkitmekde, adalatlylygy, asudalygy üpjün etmekde prokuratura edaralaryna möhüm ornuň degişlidigini nygtady. Şundan ugur alnyp, prokuratura işgärleri täsir etmek çärelerini netijeli ulanmalydyrlar, Türkmenistanda kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berk hem-de hemmeler tarapyndan ýerine ýetirilişi babatda gözegçiligi amala aşyrmalydyrlar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi we Baş prokurora degişli tabşyryklary berdi.
Soňra içeri işler ministri M.Hydyrow 2022-nji ýylyň başyndan bäri düzgün bozulmalaryň öňüni almak hem-de ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýangyn howpsuzlygynyň talaplaryny berjaý etmek boýunça geçirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Şeýle hem IIM-niň ýolbaşçysy paýtagtymyzda we welaýatlarda ulag akymlaryny düzgünleşdirmek, ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek babatda alnyp barylýan çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, bu edaranyň öňünde jenaýatçylyklary we administratiw hukuk düzgün bozulmalaryny öňünden duýdurmak, olaryň öňüni almak boýunça çäreleri amala aşyrmak, jemgyýetçilik tertibini goramak ýaly jogapkärli wezipeleriň durýandygyny belledi. Tomus pasly döwründe ýangyna garşy howpsuzlygy üpjün etmegi hemişe üns merkezinde saklamagyň zerurdygyna aýratyn üns çekildi.
Ýokary kazyýetiň başlygy G.Ussanepesow şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, döwlet Baştutanynyň adalatlylyk hem-de kazyýet önümçiligi ýörelgelerini kämilleşdirmek, işgärler bilen üpjünçiligi pugtalandyrmak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin görlen toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň ähli ugurlaryny özünde jemleýän döwlet goraglylygynyň netijeli guraly hökmünde milli kazyýet ulgamyna uly ornuň berilýändigini nygtady. Bu edaranyň ileri tutulýan wezipeleri kanunylygy, adalatlylygy hem-de düzgün-tertibi üpjün etmekden, hukuk düzgün bozulmalaryna getiren sebäpleri we şertleri aradan aýyrmakdan ybaratdyr diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam etdi hem-de edaranyň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra milli howpsuzlyk ministri G.Annaýew 2022-nji ýylyň bäş aýynda geçirilen işleriň netijeleri, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny goramak, Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny, jemgyýetde ylalaşyklylygy, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek boýunça görlen anyk çäreler barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu edaranyň öňünde, esasan, ýurdumyzy geljekde-de depginli ösdürmek üçin oňaýly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýyň kemala getirilmegi, döwrüň wehimlerine hem-de howplaryna garşy durmak ýaly wezipeleriň durýandygyny belledi.
Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ý.Nuryýew ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde işleriň ýagdaýy hem-de ýanwar — maý aýlarynda Türkmenistanyň mukaddes serhetleriniň goragyndaky serhet goşunlarynyň gullukçylarynyň düzgün-tertibini, söweşjeň we ynsanperwer taýýarlygyny güýçlendirmek maksady bilen görlen çäreler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy serhetçileriň öz borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirip, gije-gündiz gury ýerde we deňizde serhetdeş döwletleriň ählisi bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklaýan hem-de işjeň ösdürýän Watanymyzyň serhetleriniň eldegrilmesizligini üpjün etmelidigini belläp, gullugyň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Soňra adalat ministri M.Taganow ýylyň başyndan bäri täze kanunlaryň taslamalary babatda teklipleri taýýarlamak hem-de öňdebaryjy daşary ýurt tejribesi we dünýäniň hukuk ulanyş işinde hereket edýän kadalar göz öňünde tutulyp kämilleşdirilýän milli kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak boýunça alnyp barlan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýakyn we uzak möhletleýin geljege niýetlenen maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegiň ygtybarly binýadyna öwrülen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwrüň talabyna laýyk işläp taýýarlamakda möhüm ugurlary giňişleýin öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew hasabat döwründe bu düzümiň işini kämilleşdirmek boýunça görlen yzygiderli çäreler, gümrükhanalarda geçirilýän işler hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Ýewraziýa yklymynda üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm çatrygy hökmünde Türkmenistanyň eýeleýän geostrategik ornunyň barha artýandygyny nygtady.
Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy N.Atagaraýew ýolbaşçylyk edýän edarasynyň işlerini netijeli guramak maksady bilen, 2022-nji ýylyň bäş aýynda görlen toplumlaýyn çäreler hem-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Ýaragly Güýçleriň ähli düzümlerinde bolşy ýaly, bu edaranyň işine hem täzeçil usullary, sanly ulgamlary işjeň ornaşdyrmalydygyny, şunda daşary ýurtlaryň oňyn tejribesini ulanmalydygyny belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy edaranyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitläp, gullugyň işinde migrasiýa meseleleri babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryna pugta eýermegi, işgärler bilen üpjünçilige ilkinji nobatda üns bermegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurduň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow mejlisi tamamlap, bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk, rowaçlyk, halkyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.