Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Döwletliler köşgüniň has-da döwrebap ýagdaýa getiriljekdigini aýtdy

21:5631.05.2022
0
9470

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabatdaky Döwletliler köşgüne baryp gördi, ol ýerde okuwlaryň guralyşy we terbiýeçilik işleriniň alnyp barylyşy bilen tanyşdy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany bu ýerde terbiýelenýän çagalar bilen söhbetdeş bolup, olaryň dynç alyşlary we boş wagtlaryny geçirişleri barada sorady hem-de okuwda gazanýan üstünlikleri we okuw ýylyny nähili tamamlandyklary bilen gyzyklandy.

Söhbetdeşligiň dowamynda okuwçylaryň birnäçesi goşgylaryny aýtdylar, şeýle-de okuwçylar tomus paslynda dynç almak isleýän ýerleri barda gürrüň berdiler.

Hormatly Prezident çagalara ýüzlenip, olaryň gowy okamagyny we zähmeti söýmegini arzuw etdi.

Köşkde terbiýelenýän çagalar hemmetaraplaýyn aladasy we berýän ünsi üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi we soňra bu ýerde döredilen durmuş şertleri hem-de okuw otaglary bilen tanyşdy we olaryň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy. Şonuň bilen baglylykda, hormatly Prezident Döwletliler köşgüniň gurlup, ulanmaga berlenine ençeme ýyl geçendigini, häzirki wagtda bu desganyň has könelişendigini, köşkde ýerleşýän binalaryň rejeleýiş işleriniň geçirilmegini talap edýändigini belläp, ýakyn geljekde Döwletliler köşgüni has-da döwrebap ýagdaýa getirmegiň maksat edinilýändigini aýtdy.

Bu ýerde ýerleşýän ähli otaglarda abatlaýyş işlerini geçirip, häzirki zamanyň enjamlary bilen üpjün ederis. Ýaşlarymyzyň oňat dynç alyp, bilimlerini artdyrmaklary üçin ähli şertleri dörederis diýip, döwlet Baştutany aýtdy we degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň