Dünýä çempionatyndan soň Türkmenistanyň IIHF reýtinginde eýeleýän orny belli boldy

21:0530.05.2022
0
11667

Hokkeý boýunça dünýä çempionaty tamamlanandan soň, Halkara hokkeý federasiýasiýasynyň (IIHF) dünýä boýunça milli ýygyndylar reýtingi gaýtadan düzüldi.

Sanawyň iň güýçli bäşligi öňküliginde galdy. 2022-nji ýylyň hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň çempiony bolan Finlandiýanyň yzyndaky basgançaklary Kanada, Russiýa, ABŞ hem-de Şwesiýa eýeleýär.

Bu ugurda Türkmenistanyň milli ýygyndysy häzirki wagtda 725 utuk bilen sanawda 48-nji orunda durýar. Onuň bir basgançak öňünde Gonkong (HHR), yzyndaky orny bolsa Gyrgyzystanyň milli ýygyndy topary eýeleýär.

Bu günki günde IIHF-niň reýtingi soňky ýyllarda bu ugurda buz üstündäki şaýbaly hokkeý boýunça resmi taýdan çykyş eden milli ýygyndylaryň 56 sanysyny özünde jemleýär.

Bu reýting soňky dört ýylyň dowamynda dünýä çempionatynda, Olimpiýa oýunlarynda gazanylan netijelere laýyklykda düzülýär. Bu ýylda ýaryşa gatnaşyp bilmedik ýurtlar bolsa sport reglamentine görä orunlar boýunça düzülýär.

Aprelde tamamlanan dünýä çempionatynyň 3-nji diwizionynyň «A» toparçasynda çykyş eden Türkmenistanyň milli ýygyndysy bürünç medaly gazanmagy başardy. Ýaryş Lýuksemburgda geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň