Luwrda bir erkek kişi «Jokonda» kartinasyna tort bölegini oklady

18:3830.05.2022
0
5332

Leonardo da Winçiniň çeken «Jokonda» kartinasy nobatdaky wandalizme sezewar boldy. Bir erkek adam gartaşan aýal sypatyna geýnip, maýyplar üçin kolýaskada kartina golaý barypdyr. Ilkibaşda ol gorag aýnasyny döwmek isläpdir, soň bolsa oňa bir bölek tort oklap, ony eli bilen çyrşap, şol wagtam töweregine bägülleri zyňyşdyrypdyr. Sungat eserini zaýalamak islän düzgün bozary gorag gullugy daşyna çykarypdyr. Bu hili adaty bolmadyk hereketiň sebäbi näbelli.

Leonardo da Winçiniň meşhur kartinasy eýýäm birnäçe gezek hüjüme sezewar edilipdi. Şeýdip, 2009-njy ýylda bu kartinany synlamaga gelenleriň biri oň bulgur çaýy zyňypdyr. Mundan başga-da, bütin taryhynyň dowamynda «Jokondany» muzeýden ogurlap görüňdirler, boýag we kükürt kislotasyny guýmaga synanyşypdyrlar diýip, mir24 habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň