Koreýalylar türkmen ýyldyzlarynyň aýdymlaryny diňlediler

16:0130.05.2022
0
9629

Düýn ― 29-njy maýda koreýalylar Seul şäheriniň merkezinde ýerleşýän Banpo Hangaň seýilgähinde türkmenistanly estrada ýyldyzlarynyň şekilli aýdymlaryna tomaşa etdiler. Ozal hem habar berşimiz ýaly, bu görkeziliş Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly 30 ýyllygyna, şeýle hem Bütindünýä welosiped gününe bagyşlandy.

Konsert «Arkadag», «Türkmenistan», «Arkadagly Serdarym» ýaly watançylyk aýdymlary bilen başlandy. Türkmenistanyň halk we at gazanan artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Arkadagly Serdar geldi», «Nar agajy», «Türkmen alabaýy», «Söýýän diý», «Kalbym şeýda», «Maýagözel», «Aramyza düşmesin», «Saz eýle» we «Küştdepdi» aýdymlary baýramçylyk dabarasyny bezedi.

Seýilgähe ýygnananlar ýerine ýetirilen aýdymlary uly gyzyklanma we el çarpyşmalary bilen diňlediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň