Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ussat halyçylara hormatly atlar dakyldy

23:0429.05.2022
0
3833

Şu gün Türk­men ha­ly­sy­nyň mil­li mu­ze­ýin­de Türkmenistanyň us­sat ha­ly­çy­la­ry­ny sy­lag­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň Per­ma­ny­na la­ýyk­lyk­da, Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türkmenistanyň mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­ny ös­dür­mek­de, hal­ky­my­zyň buý­san­jy­na öw­rü­len ha­ly­la­ryň taý­syz gö­zel­li­gi­ni we ne­pis­li­gi­ni dün­ýä ýaý­mak­da, ha­la çe­per na­gyş­la­ry sal­mak­da bi­ti­ren uly hyz­mat­la­ry üçin hem-de köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da çe­ken ha­lal we yh­las­ly zäh­me­ti­ni, hü­när us­sat­ly­gy­ny na­za­ra alyp, şeý­le hem Türk­men ha­ly­sy­nyň baý­ra­my my­na­sy­bet­li, ýur­duň us­sat ha­ly­çy­la­ry­na «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ha­ly­çy­sy» di­ýen hor­mat­ly ady dak­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, baý­ram­çy­ly­gyň öňü­sy­ra­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si mil­li ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­ny ös­dür­mä­ge, ha­ly­la­ry aja­ýyp nagyşlar bi­len be­ze­mä­ge go­şan go­şan­dy­ny hem-de köp­ýyl­lyk ha­lal zäh­me­ti­ni, hü­när us­sat­ly­gy­ny na­za­ra alyp, us­sat ha­ly­çy Ogul­ge­rek Berdimuhamedowa «Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan ha­ly­çy­sy» di­ýen hor­mat­ly ady dak­mak ha­kyn­da­ky çöz­gü­di ka­bul et­di.

Ka­rar­da Ogul­ge­rek Berdimuhamedowanyň türk­men ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­ny ös­dür­mä­ge, kä­mil­leş­dir­mä­ge, ony gel­jek ne­sil­le­re ýe­tir­mä­ge, mu­kad­des Wa­ta­nyň şan-şöh­rat­ly ösüş­le­ri­ni çe­per el­le­ri­niň, uz bar­mak­la­ry­nyň dö­red­ýän ha­ly göl­le­ri­dir na­gyş­la­ry­nyň üs­ti bi­len dün­ýä ýaý­ma­ga my­na­syp go­şant go­şan­dy­gy bel­le­nil­ýär. Ol uzak ýyl­la­ryň do­wa­myn­da Ahal we­la­ýa­ty­nyň Gök­de­pe şä­he­ri­niň ha­ly kär­ha­na­syn­da bir­kem­siz zäh­met çe­kip, ha­ly­çy­lyk sun­ga­ty­nyň in­çe til­sim­le­ri­ni iş tej­ri­be­sin­de ula­nyp, nus­ga­wy göl­li we su­rat­ly ha­ly­la­ry do­ka­mak­da us­sat­ly­gy­ny gör­ke­zen, eli­niň çe­per­li­gi, zäh­met­sö­ýer­li­gi bi­len ýaş­la­ra gö­rüm-gö­rel­de bol­ýan us­sat ha­ly­çy hök­mün­de uly ab­raý ga­zan­dy.

Us­sat ha­ly­çy­lar ha­lyçylyk sun­ga­ty­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne, ne­ti­je­li we dö­re­di­ji­lik­li zäh­me­t çekmek babatda ze­rur şert­le­riň, ga­dy­my we ba­ky ju­wan sun­ga­tyň in­çe tär­le­ri­ni gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­tir­mek­de äh­mi­ýet­li bo­lan ze­hin­li ha­ly­çy­la­ry taý­ýar­la­mak ug­run­da äh­li müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­gi­ne yzy­gi­der­li üns ber­ýän­di­gi üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­t Ser­dar Berdimuhamedowa tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.

Belläp geçsek, Türkmen halysynyň milli muzeýinde öz­bo­luş­ly­ly­gy bi­len haý­ran gal­dyr­ýan äpet ha­ly sak­lan­ýar. Umu­my meý­da­ny 301 ine­dör­dül met­re, ag­ra­my bol­sa 1 ton­na 200 ki­log­ra­ma ba­ra­bar «Al­tyn asyr» ha­ly­sy dün­ýä­de el­de do­ka­lan iň uly ha­ly hök­mün­de Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­ri­zil­di. Mun­dan baş­ga-da, türk­men ha­ly­çy­la­ry ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 20 ýyl­ly­gy­nyň hor­ma­ty­na ha­ly­çy­lyk ul­ga­my­nyň ta­ry­hyn­da iň uly, 378 ine­dör­dül metr el ha­ly­ny do­ka­dy­lar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň