Turkmenportal logo
30.05.22
49234923
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan we Tatarystan gämi gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär
Türkmenistan we Tatarystan gämi gurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Kazanda gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş ulgamynda türkmen-tatarystan gatnaşyklarynyň meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Bu barada türkmen edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär.


Türkmenistanyň Baş konsuly Atadurdy Baýramow bilen «Ak Bars» gämi gurluşyk korporasiýasy» PJ-niň Baş direktory Renat Mistahowyň arasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda deňiz gatnawlary ulgamynda ileri tutulýan birnäçe ugurlar boýunça ylalaşyklar gazanyldy.


Hususan-da, taraplar Türkmenistanyň we Tatarystanyň gämi gurluşyk kuwwatlyklaryny öwrenmek, şeýle hem Türkmenistanda Ro-Ro kysymly iki sany parom gämisini we bir sany deňiz konteýner gatnadyjysyny gurmak maksady bilen ikitaraplaýyn saparlary meýilleşdirdiler.


Mundan başga-da, gepleşikleriň barşynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşen «Balkan» gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş zawody» AGPJ-ni mundan beýläk hem ösdürmek boýunça türkmen hünärmenlerini taýýarlamak meseleleri maslahatlaşyldy.


Belläp geçsek, 2019-2020-nji ýyllarda Türkmenistana «A.M.Gorkiý» adyndaky Zelenodolkiý zawodynda» gurlan A145 taslamasynyň iki sany ýokary tizlikli ýolagçy gämisi getirilipdi.


Şeýle-de okaň: