Soňky habarlar

Arhiw

TDHÇMB-de daşary ýurt puluna 91 million amerikan dollaryna golaý geleşik baglaşyldy

23:2529.05.2022
0
3824

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýanyň, BAE-niň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň telekeçilerine dürli görnüşli tekiz reňklenen we žakkard tüýjümek önümler, nah ýüplük ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 90 million 922 müň dollaryndan gowrak boldy.

Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewür toparlaryň wekilleri bahasy 1 million 551 müň manada deň bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň