Turkmenportal logo
29.05.22
42874287
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Taýwanda ýüzlerçe adam adyny «Losos» diýip üýtgetdi
Taýwanda ýüzlerçe adam adyny «Losos» diýip  üýtgetdi

Taýwanda täsin ýagdaý bellige alyndy. Bu ýurtda 331 adam öz adyny üýtgedip, onuň yzyna hytaýça «Losos» diýen manyny berýän iýeroglif goşdular. Daily.afisha saýtynda habar berlişine görä, adamlar mugt suşi üçin öz atlaryny üýtgedip başladylar.


Bu çäre 2021-nji ýylyň mart aýynda kimiň adynda “Losos” iýeroglifi bar bolsa, şolaryň ählisini doýurmaga söz beren Sushiro restoranlar ulgamy tarapyndan guraldy. Bu mahabat usulynyň netijesinde ýapon aşhanasynyň muşdaklary özlerini “Tans edýän losos” we “Lososyň arzuwlary” ýaly atlar bilen atlandyryp başladylar. Çäre iki gün dowam etdi, ondan soňra Taýwanyň ýaşaýjylary öňki atlaryny yzyna gaýtaryp almak islediler, emma bu babatda adamlaryň aglabasy kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Neşiriň bellemegine görä, ýurduň häkimiýetleri adama adyny diňe üç gezek üýtgetmäge rugsat berýärler. Şonuň üçin hem öňki adyny yzyna dolap almak hemmelere başartmady.


Indi, hökümet «losos başagaýlygy» hem-de şuňa meňzeş beýleki çykgynsyz ýagdaýlary çözmegiň üstünde işleýär.