Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda «Türkmen teatr sungaty» atly festiwalyň ýapylyş dabarasy geçirildi

19:0625.05.2022
0
987

Şu gün — 25-nji maýda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda şu ýylyň 21-nji maýynda badalga alan «Türkmen teatr sungaty» atly teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Oňa medeniýet we sungat işgärler, teatrlaryň döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda teatr festiwalynyň ýeňijileri yglan edildi. Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda «Watan buýsanjy — Jelaletdin Soltan» atly sahna eseri üçin Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry birinji orna, «Nuhuň gämisi» atly sahna eseri üçin Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry ikinji orna, «Türkmeniň ýoly» atly sahna eseri üçin Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry üçünji orna mynasyp boldy.

«Türkmen teatr sungaty» atly festiwalyň ýapylyş dabarasynda «Iň gowy zenan keşbi üçin» baýraga Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti Amanbibi Abdyrahmanowa «Watan buýsanjy — Jelaletdin soltan» sahna eserindäki Türkan hatynyň keşbi üçin, «Iň gowy erkek keşbi üçin» baýragyna A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň artisti Magtymguly Gurbanow Nury Halmämmedowyň keşbi üçin, «Tomaşaçylaryň söýgüsi üçin» baýraga Mary welaýatynyň Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň artisti Tirkiş Akmyradow, «Iň gowy kiçi göwrümli keşp üçin» baýraga Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň halk artisti Akjagül Suhanowa «Mertler Watany beýgeldýär» atly sahna eserinde ýerine ýetiren enäniň keşbi üçin, «Iň gowy režissýura eseri üçin» baýraga Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň baş režissýory, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrow, «Iň gowy suratkeş üçin» Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň suratkeşi Merjen Çaryýewa bilen, Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň suratkeşi Mekan Annamyradow, «Iň gowy saz eseri üçin» baýraga Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň kompozitory Şatlyk Amannepesow, şeýle-de bu teatryň edebiýat bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow «Iň gowy sahna eseri» baýragyna mynasyp bolmagy başardylar.

Mundan başga-da «Festiwala gatnaşan iň ýaş artist» baýragyna Aşgabat şäheriniň 50-nji çagalar bagynyň körpesi Maýsa Akmyradowa, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň okuwçysy Aýläle Gaýypowa bilen şol şäheriň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň okuwçysy Medet Nurmuhammedow mynasyp boldy.

«Türkmen teatr sungaty» atly festiwalda ýeňiji bolan teatrlara, şeýle-de artistlere Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň