Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti orta mekdepleriň uçurymlaryny, mugallymlaryny «Soňky jaň» dabarasy bilen gutlady

07:0025.05.2022
0
7451

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow orta mekdepleriň uçurymlaryny, mugallymlaryny we ähli bilim işgärlerini «Soňky jaň dabarasy bilen gutlady.

«Sizi bilimleriň ak ýoluna ataran mekdep ýyllarynyň tamamlanandygyny alamatlandyrýan ajaýyp baýram — «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. «Soňky jaň» dabarasy bagtyýar ýaşlarymyzda ata Watanymyza beýik buýsanjy artdyrýan bilimler baýramydyr» diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gutlag hatynda beýan edilýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Döwlet Baştutany Aşgabat şäheriniň güni bilen gabat gelýän «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň bilimlerini hem-de ylymlaryny, güýç-gaýratlaryny eziz Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine bagyş etjek ýaşlarymyzy täze belent maksatlara ruhlandyrjakdygyna ynanýandygyny gutlag hatynda belleýär.

«Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan bu gün beýik taryhy döwre gadam basyp, gurmak we döretmek ýoly bilen öňe barýar. Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir. Beýik Watanymyzyň berkararlygy, güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi her bir türkmen ýigidiniň we gyzynyň biliminde, şahsyýet hökmünde kämilliginde jemlenendir. Täze taryhy döwürde pederlerimiziň arzuw eden Garaşsyz Watanymyzyň kuwwatyny artdyrmak hem-de dünýäde şöhratlandyrmak ugrundaky beýik maksatlarymyzy amala aşyrmakda geçjek durmuş ýollaryňyzda bagtyýar döwrümizden ruhlanyp, okamak, öwrenmek, zähmet çekmek, kämillige ymtylmak arkaly özüňizi gurujy, dörediji, maksada okgunly nesiller hökmünde tanatmalysyňyz» diýip, türkmen Lideri gutlag hatynyň dowamynda belläp geçýär.

Mundan başga-da döwlet Baştutany gutlag hatynda ylym we bilim jemgyýetiň hem-de döwletiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydyr. Şoňa görä-de, biz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 30 ýylynyň dowamynda ylym, bilim ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we kämilleşdirmek ugrunda gazanylan oňyn tejribelerden, giň gerimli bilim özgertmeleriň dowam etdirilýändigini nygtady.

«Ylmy-tehniki ösüşlere, iň täze tehnologiýalara, öňdebaryjy innowasiýalara daýanyp, bagtyýar ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýäris. Şäherlerimizi hem-de obalarymyzy bilim tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap çagalar baglary, täze orta mekdepler, hünär bilimi edaralary bilen gurşap, bagtyýar geljegimizi gurýarys» diýip, döwlet Baştutany belläp geçdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdirip, Uzak Gündogar, Aziýa we Ýuwaş umman sebitleriniň, Orta we Ýakyn Gündogar, Ýewropa we Amerika döwletleriniň iri ylym we bilim merkezleri, halkara hem-de sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrýarys.

Nesip bolsa, 2022-2023-nji okuw ýylyndan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk institutynda ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek ÝUNESKO kafedralary hereket edip başlar, orta mekdeplerimiziň birnäçesi bu guramanyň Mekdepler bileleşiginiň düzümine giriziler. Munuň özi halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen, ýurdumyzyň ägirt uly bilim mümkinçilikleri bolan döwlet hökmünde abraýynyň dünýä dolmagy ugrunda ähli tagallalary edýändigini görkezýändigini belleýär.

Döwlet Baştutany ösüp gelýän nesillerimize ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek milli bilim ulgamynyň wajyp wezipesi bolup durýar. Şoňa görä-de, bilim özgertmelerini has-da işjeňleşdirmek, bu işiň döwrüň talaplaryna we halkara standartlara laýyklygyny üpjün etmek, mugallymlaryň hünär ussatlyklaryny, okatmagyň usullaryny nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek babatdaky işler utgaşdyrylyp dowam etdirilmelidir. Ýaş nesillerimiziň bilimleriň we ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmekleri, olarda ýokary ahlak sypatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek üçin mugallymlarymyz hemişe döredijilik gözleginde bolmalydygyny belleýär.

«Okuwçy we talyp ýaşlarymyzyň dersler boýunça olimpiadalarda we halkara bäsleşiklerde üstünlikleri gazanyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmaklarynda, bilimler ýurdy hökmünde eziz Watanymyzy şöhratlandyrmakda mugallymlaryň we ähli bilim işgärleriniň uly hyzmaty bardyr» diýip, döwlet Baştutany gutlag hatynda belleýär.

Gutlag hatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow mugallymlary we bilim işgärleriniň, şeýle-de orta mekdepleriniň uçurymlaryny «Soňky jaň» dabarasy we okuwlaryny üstünlikli tamamlamagy bilen ýene-de bir gezek gutlap, olara jan sag, uzak ömür, belent mertebe we ak ýol, ýüreklerinde beslän arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň