Kazanyň halkara howa menzili resmi web saýtynda Türkmenistana guraljak uçar gatnawlaryň tertibini çap etdi. Uçuşlar 2022-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlar.
Kazan — Türkmenabat ugry boýunça uçar gatnawynda «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlary çarşenbe güni 1A terminalyndan uçar. T5 738 uçar gatnawy Kazandan ýerli wagt bilen 18:30-da ýola düşer.
Kazana uçuşlar Çarşenbe güni ýerli wagt bilen Aşgabatdan amala aşyrylar.
Dünýäde ýüze çykan pandemiýa sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýyndan başlap, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky yzygiderli howa gatnawlarynyň togtadylandygyny bellemek gerek. Mundan oň «Türkmenistan» awiakompaniýasy Moskwa (Domodedowo), Sankt-Peterburg (Pulkowo) we Kazana yzygiderli howa gatnawlaryny amala aşyrýardy.
Geçen ýyl Kazan halkara howa menziliniň uçar gatnawlarynyň sanawyna 73 sany halkara ugur, şol sanda 30 sany halkara gatnawy girizildi.
Şeýle-de okaň: