Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygdysynyň Antalýadaky türgenleşikleri dowam edýär

10:0023.05.2022
0
4188

Futbol boýunça Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysy Aziýa Kubogy-2022-niň öňüsyrasy Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berdi.

26-njy maýda tamamlanýan okuw-türgenleşiginiň dowamynda ýaşlar ýygyndymyz ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirer.

Ahmet Agamyradowyň ýolbaşçylygyndaky ýaşlar ýygyndy toparymyzyň halkara ýaryşyna gatnaşmagy üçin ýerli çempionatymyzda çykyş edýän toparlarymyzyň oýunçylarynyň 23-siniň çagyrylandygyny ýatladýarys.

Ýeri gelende bellesek, ýaşlar ýygyndylarynyň (U23) gatnaşmagyndaky Aziýa Kubogynyň final tapgyry şu ýylyň 1-19-njy iýuny aralygynda Özbegistanda geçiriler.

Toparçalaýyn bäsleşiginiň “A” toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň birinji duşuşygy 1-nji iýunda ýer eýeleri, Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysynyň garşysyna geçiriler. Ýygyndy toparymyz ikinji tapgyrda Eýranyň (4-nji iýun), üçünji tapgyrda bolsa Kataryň (7-nji iýun) ýaşlar ýygyndylarynyň garşysyna meýdana çykar.

Toparçalaýyn bäsleşikleriň jemi boýunça her toparçada ilkinji iki orny eýelän ýygyndylar çykyşlaryny çärýekfinaldan dowam ederler. Çärýekfinala çykan ýagdaýynda toparymyzyň garşydaşlary “B” toparçanyň wekilleri Awstraliýanyň, Iordaniýanyň, Yragyň ýa-da Kuweýtiň ýaşlar ýygyndy toparlarynyň biriniň bolmagyna garaşylýar.

Aziýa Kubogynyň çärýekfinalynyň duşuşyklary 11-12-nji, ýarymfinal 15-nji, üçünji orun ugrundaky duşuşyk 18-nji, final oýny bolsa 19-njy iýunda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň