Soňky habarlar

Arhiw

«Netflix» Jennifer Lopez baradaky dokumental filmiň treýlerini hödürledi

16:2020.05.2022
0
8602
«Netflix» Jennifer Lopez baradaky dokumental filmiň treýlerini hödürledi
Surat: daily.afisha.ru

Iri striming hyzmatlar ulgamy bolan «Netflix» meşhur aktrisa Jennifer Lopeziň ömri we zähmet ýoly barada gürrüň berýän documental filmiň treýlerini tanyşdyrdy. «Halftime» («Arakesme») diýlip atlandyrylýan filmde aktrisa hem-de aýdymçynyň 1990-njy ýyllarda döredijilik ýoluna gadam basyşy, «Super Bowl» şowuna taýýarlygy, amala aşmadyk «Oskar» baýragy, şeýle-de Jo Baýdeniň ABŞ-nyň prezidentigine girişmegi bilen bagly dabarada eden çykyşy we beýleki köp sanly täsirli wakalar dogrusynda söz açylýar. Filme Amanda Miçeli režissýorlyk etdi.

Film.ru saýtynyň belleýşi ýaly, «Arakesme» 8-nji iýunda «Traýbek» festiwalyny açar. Strim hyzmatlar ulgamynda bolsa film diňe 14-nji iýunda elýeterli bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň