Soňky habarlar

Arhiw

UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň kubogyny «Aýntraht» eýeledi

10:0219.05.2022
0
1655
UEFA-nyň Ýewropa ligasynyň kubogyny «Aýntraht» eýeledi

«Aýntraht» Ýewropa ligasynyň finalynda «Reýnjersden» üstün çykdy. Oýnuň esasy wagty 1:1 hasabynda tamamlandy. Penaltilerde "Aýntraht" 5:4 hasabynda utdy.

Şeýlelikde, topar taryhda ilkinji gezek indiki möwsümde UEFA-nyň Çempionlar ligasynda oýnar.

«Aýntraht» Ýewropanyň Çempionlar kubogynda 1959/60-njy ýyldaky möwsümde finala çykypdy we «Real Madridden» uly hasap bilen utulypdy (3:7). Şondan soň klub 1992/93-nji ýyllaryň möwsüminden bäri häzirki adyny — UEFA-nyň Çempionlar ligasyny alan ýaryşa gatnaşmady.

Tälimçi Oliwer Glasneriň ýolbaşçylygyndaky Frankfurt topary bu möwsüm Bundesligada bary-ýogy 11-nji ýeri eýeledi.

10-njy awgustda geçiriljek Ýewropanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky ýaryşda «Aýntraht» «Real Madrid» ýa-da «Liwerpul» bilen güýç synanyşar. Bu klublar 29-nji maýda Çempionlar ligasynyň finalynda duşuşarlar.

Ýewropanyň Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşyk Helsink şäherinde geçiriler. Finlýandiýa ilkinji gezek Ýewropa kubogynyň finalyny kabul eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň