Arhiw

Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy «Dostluk» ordeni bilen sylaglady

20:5818.05.2022
0
6987
Wladimir Putin Serdar Berdimuhamedowy «Dostluk» ordeni bilen sylaglady

Şu gün — 18-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň gol çeken Kararyna laýyklykda «Dostluk» ordeni bilen sylaglandy. Bu barada Russiýanyň resmi hukuk maglumatlar portalynda habar berilýär.

Wladimir Putiniň Kararynda bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Dostluk» ordeni bilen sylaglanmagy Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, şeýle-de ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlardaky ýola goýlan gatnaşyklary has-da ösdürmäge goşan goşandy üçindir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň