Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň rus dilindäki neşiri tanyşdyryldy

21:4317.05.2022
0
5420
Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň rus dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Şu gün — 17-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada TDIM-niň resmi web saýtynda habar berilýär.

Çeşmäniň habar bermegine görä, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Aşgabatda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem Halkara gatnaşyklary institutynyň professor-mugallymlarydyr talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçisi A.Blohiniň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutany N.Germanyň, Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi A.Kuçkarowyň, Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi W.Beskostynyň, Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi F.Şarifzodanyň, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýewiň we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniweristetiniň rektory E.Aýdogdyýewiň çykyşlary diňlenildi.

Çykyşlaryň dowamynda «Ömrümiň manysy» atly kitabyň many-mazmunynyň we ähmiýetiniň aýratynlyklary barada bellenildi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň taryhy-filosofiki eseriniň rus diline terjime edilip neşir edilmegi, bu esere bildirilýän uly gyzyklanmanyň aýdyň subutnamasy bolup durýar we onuň bilen has hem giň okyjylar köpçüliginiň tanyşmagyna mümkinçilik berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň