Turkmenportal logo
15.05.22
28302830
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Futbol boýunça Balkan welaýatynyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berildi
Futbol boýunça Balkan welaýatynyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berildi

Bir aýlawdan ybarat boljak ýaryşa Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň iki wekili ― «Şagadam» bilen «Nebitçi» hem gatnaşýar. Bulardan başga-da, «Nebitçiniň» ýaşlar düzümi, Balkanabat şäheriniň «Galkynyş» we Hazar şäheriniň «Çarlakly ýoly» toparlary welaýatyň kubogy üçin göreşer.


Türkmenistanyň çempionatynyň bürünç medalynyň eýesi «Şagadam» ýaryşdaky ilkinji duşuşygynda «Çarlakly ýoluny» 8:0 hasabynda ýeňdi. «Nebitçiniň» ýaşlar düzümi bolsa «Galkynyşdan» 2:0 hasabynda üstün çykdylar.


Ikinji tapgyryň duşuşyklary 16-njy maýda geçiriler. Onda «Galkynyş» «Çarlak ýoly» bilen oýnar, «Nebitçi» bolsa ýaşlary bilen duşuşyk geçirer.