Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň ýolbaşçylaryny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

11:0017.05.2022
0
6141

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoba, Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibni Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow gutlag hatynda: «Geçen ýyllaryň dowamynda biziň döwletlerimiziň arasynda özara hormat goýmak, deňhukuklylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklar işjeň ösdürildi we kämilleşdirildi, Türkmenistan iki ýurduň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi ugur edinýär» diýip, belläp geçýär hem-de döwlet Baştutany gutlag hatynyň dowamynda bilelikdäki tagallalaryň netijesinde türkmen-malaý hyzmatdaşlygynyň geljekde hem iki halkyň bähbidine ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Çeşmäniň habar bermegine görä, döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Malaýziýanyň Premýer-ministri Ismail Sabri Ýakoba hem-de XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibni Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Malaýziýanyň halkyna bolsa ösüş hem-de rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň