Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy Antalýada okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer

11:5916.05.2022
0
7232

Türkmenistanyň futbol boýunça ýaşlar ýygyndysy (U-23) şu ýylyň 1 ― 19-njy iýuny aralygynda Özbegistanda geçiriljek Aziýanyň kubogyndan öň Türkiýäniň Antalýa şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçirer.

Ýurduň ýaşlar ýygyndysy bu ýygnanyşyk üçin Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzili arkaly Türkiýäniň Stambul şäherine gitdi. Ahmet Agamyradowyň şägirtleriniň Antalýadaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň çäginde ýoldaşlyk duşuşyklarynyň birnäçesini geçirmegine garaşylýar.

Bu ýerde ýaşlar ýygyndymyz iýun aýynda Özbegistanda geçiriljek Aziýanyň kubogyna taýýarlyk görer. Türkmen futbolçylary Özbegistanyň, Eýranyň we Kataryň ýygyndylary bilen birlikde «A» toparçada ýaryşar. Türkmenistanyň wekiliýeti ýaryşa gatnaşmak üçin maý aýynyň ahyrynda Antalýadan Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherine barar. Ildeşlerimiz yklym ýaryşyndaky ilkinji duşuşygyny 1-nji iýunda ýer eýeleri ― Özbegistanyň ýaşlar ýygyndysy bilen geçirer.

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň okuw-türgenlerik ýygnanyşygy we Aziýanyň kubogy ― 2022 üçin düzüme çagyrylan futbolçylary barada ýakynda maglumat paýlaşarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň