Turkmenportal logo
15.05.22
52335233
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Merw» bilen «Energetik» Mary welaýatynyň kubogy ugrundaky ýaryşa uly hasaply ýeňişler bilen girişdiler
«Merw» bilen «Energetik» Mary welaýatynyň kubogy ugrundaky ýaryşa uly hasaply ýeňişler bilen girişdiler

Ozal hem habar berşimiz ýaly, şu gün futbol boýunça Mary welaýatynyň kubogy ugrundaky ýaryşa badalga berildi.


1-nji tapgyrda «A» we «B» toparçalaryň her birinde bir duşuşyk geçirildi. «A» toparçada Ýokary liganyň wekili «Merw» «Murgap» toparyny 9:0 hasabynda ýeňdi. «B» toparçada bolsa Ýokary liganyň ýene bir wekili «Energetik» «Ýolöten» toparyny 7:1 hasabynda ýeňdi.


Ertir ― 15-nji maýda ýene-de 1-nji tapgyryň çäginde iki duşuşyk geçiriler. Olarda «Kuwwat» bilen «Hereket», «Olimp» bilen hem «Baýramaly» güýç synanyşar.


Mary welaýatynyň kubogy. 14.05.2022 ý. 1-nji tapgyr


«A» toparça


«Merw» ― «Murgap» ― 9:0.


Gollar: Alibek Abdyrahmanow 4, Azat Orazmuhammedow 10, Orazberdi Myradow 34, Toýly Goçnazarow 36, Söhbet Allanurow 44, Kemal Annamuhammedow 58, 88, Nurmuhammet Allaýarow 62, Mekan Parahadow 79.


«B» toparça


«Energetik» ― «Ýolöten» ― 7:1.


Gollar: Rahmet Şermetow 2, Guwanç Ýagmyrow 7, 25, 45, Musa Nurnazarow 43, Perman Hallyýew 67, Serdar Annamämmedow 77 ― Ata Öwezow 58.