Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly pälwanlar Rumyniýada erkin göreş boýunça geçirilen halkara ýaryşda medallara mynasyp boldular

23:1214.05.2022
0
16265

Rumyniýanyň Buharest şäherinde erkin göreş boýunça kadetleriň arasynda (17 ýaşdan ýokary türgenler) halkara ýaryş geçirildi.

Oňa 15 döwletden, şol sanda Türkmenistandan hem türgenler gatnaşdy.

Ýaryşyň 65 kilograma çenli agram derejesinde türkmenistanly pälwan Alp Arslan Begenjow altyn medala mynasyp boldy.

55 kilograma çenli agram derejesinde bolsa Ysmaýyl Muhammedow kümüş medalyň eýesi boldy.

Türkmenistanly türgenler halkara ýaryşa Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi Batyr Orazgylyjowyň ýolbaşçylygynda taýýarlandylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň