Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda jemgyýetçilik ulaglarynyň ýol tölegini bank kartlary bilen tölemek mümkinçiligi girizildi

11:5014.05.2022
0
22986
Aşgabatda jemgyýetçilik ulaglarynyň ýol tölegini bank kartlary bilen tölemek mümkinçiligi girizildi

Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik ulaglarynda ýol tölegini Türkmenistanyň ähli «Altyn asyr» bank kartlary bilen amala aşyrmak mümkinçiligi ýola goýuldy. Bu babatda «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň saýtynda habar berilýär.

Habarda täze hyzmatyň ähli şäheriçi awtobuslarynda ýola goýlandygy bellenilýär.

Ýol töleginiň talabalaýyk amala aşyrylmagy üçin walidatorlara galtaşyksyz töleg ulgamy (NFC) esasynda işleýän bank kartynyň bolmagy we onda ýeterlik pul serişdesiniň saklanmagy (bir gezeklik ýol töleginiň nyrhyndan az bolmadyk) zerurdyr.

Bu mümkinçilik şäheriçi ulaglarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak we ýolagçylara edilýän ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen ýola goýuldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň