Arhiw

«Türkmen radio» ykjam goşundysy AppStore internet dükanynda peýda boldy

21:0213.05.2022
0
6171
«Türkmen radio» ykjam goşundysy AppStore internet dükanynda peýda boldy

Türkmenistanyň döwlet radioýaýlymlaryny diňlemäge mümkinçilik berýän «Türkmen Radio» ykjam goşundysy AppStore internet dükanynda ýükläp almak üçin elýeterli boldy.

Ykjam goşundyny işletmek bilen, ulanyjy «Owaz», «Watan», «Çar tarapdan» hem-de «Miras» radioýaýlymlaryny onlaýn diňläp biler.

iOS operasion ulgam üçin niýetlenen bu programma radioýaýlymyň efirini ýokary durulykda diňlemäge ýardam edýär.

Internet dükanynda goşundy ulanyjylara tölegsiz ýetirilip, ony iOS 12.0 hem-de ondan ýokary bolan smartfon täzelenmelerinde diňläp bolýar. Radioýaýlymlara birikmek üçin goşunda girmek arkaly internete birikmek gerekdir (EDGE, 3G, LTE hem-de Wi-Fi).

Bu babatda ozal hem ykjam goşundynyň Android operasion ulgamly smartfonlar üçin ýetirilendigini habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň