Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

23:0910.05.2022
0
4568
Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, söhbetdeşligiň dowamynda Mikail Çingiz ogly Jabbarow Azerbaýjanyň ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Söhbetdeşler syýasy, söwda-ykdysady, energetika ulag-kommunikasiýa, ylmy-tehniki, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda döwletara gatnaşyklaryň strategik häsiýetini nygtap, dürli ugurlarda gatnaşyklary ösdürmegiň utgaşdyryjy gural hökmünde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-azerbaýjan toparynyň ornuny güýçlendirmegiň wajypdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, özara maýa goýumlarynyň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň esasy şertleriniň biridigi nygtaldy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany we myhman söwda-ykdysady we ýangyç-energetika, ulag, telekommunikasiýalar ulgamlarynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtadylar.

Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, işewür toparlaryň wekilleriniň yzygiderli duşuşyklary, olaryň geçirilýän bilelikdäki giň möçberli forumlara gatnaşmagy türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam edýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň telekeçileriniň işewür gatnaşyklaryny ösdürmek üçin netijeli ykdysady, maliýe we hukuk şertlerini üpjün etmegiň, bilelikdäki işewür forumlaryny guramagyň zerurdygy nygtaldy.

Ýükleri daşamagyň amatly ýerüsti we deňiz ýollaryny üpjün edýän yklymara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde tagallalary netijeli utgaşdyrmak üçin amatly şertleri döredýän iki goňşy döwletiň çäk taýdan amatly ýerleşmeginden peýdalanmak meselelerine duşuşykda aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri türkmen tarapynyň bu ulgamda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtady.

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň milli ykdysadyýetleri üçin strategik häsiýete eýe bolan energetika ulgamynda gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyna aýratyn üns berildi. Söhbetdeşler nebitiň we gazyň uly gorlaryna eýe bolan döwletleriň ikisi üçin hem bu ulgamyň ileri tutulýan ugrudygyny nygtap, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň uzakmöhletleýin we netijelilik esasda mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna hem-de täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň