Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryny diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

09:2909.05.2022
0
5796

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habar bermegine görä, döwlet Baştutany iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady hem-de ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalar arkaly halklaryň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Pakistanyň abraýly halkara guramalaryň çäklerinde, dürli ugurlarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn işewür hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny nygtap, sebitiň ykdysady taýdan ösmeginiň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşyklydygyny belledi.

Türkmen Lideri şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Arif Alwä we Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Pakistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň