5 — 7-nji maýda Türkmenistanyň Golf federasiýasynyň guramagynda golf boýunça Aşgabadyň çempionaty geçirildi. Çempionata paýtagtymyzyň köp sanly ýaşlary uly gyzyklanma bilen gatnaşdylar. Bu barada Türkmen Sport habar berdi.
Şeýlelikde, 2006 — 2008-nji ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda Aşgabadaky 36-njy orta mekdebiň okuwçysy Döwletmyrat Aýdaşew ýeňiji boldy. Teýmur Allaýarow ikinji, Azym Muhammedow üçünji oruny eýeledi.
2009-2010-njy ýyllarda doglan oglanlaryň arasynda Röwşen Gurbangeldiýew paýtagtymyzyň çempiony boldy. Islam Gurbaniýazow ikinji orny eýeledi. Süleýman Öwezdurdyýew bilen Azym Taganow bolsa ilkinji üçlügi jemlediler.
2002 — 2008-nji ýyllarda doglan gyzlaryň arasynda A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus orta mekdebiniň okuwçysy Leýli Çaryýewa çempion boldy. Leýli Maşaýewa ikinji, Gülnabat Nepesowa üçünji orny eýeledi.
2011 — 2012-nji ýyllarda doglanlaryň ýaryşy bolsa oglanlaryň hem-de gyzlaryň bilelikde gatnaşmagynda geçirildi. Bu ýaryşda Elina Belikowa tapawutlandy. Süleýman Çaryýew ikinji orny eýeledi. Üçünji orny bolsa Ahmet Annaýew bilen Resul Aulow gazandy.
Ýeňijilere Hormat hatlary we medallar gowşuryldy.