Aşgabatdaky «Annanas» brendini esaslandyryjy Anna Soltanowa bilen söhbetdeşlik

11:0607.05.2022
0
5116
Aşgabatdaky «Annanas» brendini esaslandyryjy Anna Soltanowa bilen söhbetdeşlik

Türkmen paýtagtynda el hünäriniň önümleriniň hatarynda giň meşhurlyga eýe bolup ugran, ýüplerden dürli aksessuarlary örýän «Annanas» brendi barada ozal hem habar beripdik. Bu gün bolsa bu brendi esaslandyran Anna Soltanowa bilen duşuşyp, özboluşly taslamanyň ýüze çykmagy we beýleki aýratynlyklary bilen gyzyklandyk.

— Anna, örme işleri bilen öňden bäri meşgullanýarsyňyzmy?

— 2019-njy ýyldan bäri meşgullanýaryn. Bu işe başlamazymdan öň internetde şu hili örme önümleri bilen gyzyklanyp, Soçiden bolan bir dizaýneriň işlerinde nazarym eglendi. Elde ýasalýan önümleri öndürmäge itergi beren bu duşuşyk tötänleýin bolupdy. Döredijilik adamy bolmak bilen, täze we gyzykly bir zat üçin hemişe gözlegde ýaşadym. Soňra bolsa bu dizaýnerden onlaýn görnüşde örmegi öwrenip, elde örme usulyndan peýdalanyp jutdan ilkinji eko sumkamy taýýarladym. Örmek demir çiş bilen ýumşak sapagyň arasyndaky täsin baglanyşyk bolup, ahyrsoňunda gyzlar üçin niýetlenen owadan, berk esbaplara öwrülýär. Şol sebäpden hem ol pursatda işiň çylşyrymlylygy hakda pikirem etmedim, diňe döretmek isledim.

— «Annanas» nädip döredikä?

— Meniň bu hobbim ýakynlarymy, dostlarymy gyzyklandyryp başlady, bu bolsa meniň işimiň gerimini giňeltmegime we önümleriň görnüşlerini artdyrmagyma ýardam berdi. 2020-nji ýylda bu kesbi aýal doganym Arinanyň ýardam bermegi bilen ýola goýup ugradym. Ol bu işde her günde maňa kömegini ýetirip, jutdan we poliefir sapagyndan köpsanly işleriň döredilmegine esas döretdi. Gysga döwrüň içinde ören az sanly önümlerimiz meşhurlyga eýe bolup, el işlerini halaýan köp adamyň göwnünde gyzyklanma eýe boldy. Şunlukda bolsa öz-özünden brendini döretmek pikiri ýüze çykdy.

— Häzirki wagtda nämeleri taýýarlaýandygyňyzy aýdaýsaňyz?

— Ekolik jut ýüplüginden we poliefir sapagyndan ören önümlerimiziň arasynda dürli şekilli we ululykdaky haltalar, kosmetiki haltajyklar, güldanlar, bezeg halyçalary, tarelkalaryň aşagyna niýetlenen halyçalar, egin-eşik we asma sebetler we dürli şekildäki hem-de ululykdaky organaýzerler bar. Eger jut şpagat özüniň ekologik arassalygy hem-de laýyklygy bilen tapawutlanýan bolsa, onda poliefir sapagyny reňkleriniň köpdürli görnüşlerdedigi, tekiz we berkligi üçin satyn alýarlar.

— Ýakyn geljek üçin nähili maksatlaryňyz bar?

— Men el işleri bilen has içgin meşgullanýan işçi hökmünde hobbimi has gerimli taslama öwürmek isleýärin. Işimde maksada ogkunlylygym, müşderileriň biziň el işlerimize bolan söýgüsi wagt geçdigisaýy «ANNANAS-y» täze derejelere, kämil basgançaklara çykarar.

— Anna, Size özara mynasyp dowam etdirýän hyzmatdaşlygymyzyň has ilerlemegini arzuwlap, «Annanas» ýaly brendi ösdürmekde edýän işleriňizde üstünlik arzuw edýäris.

Minnetdar!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň