Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daşoguz welaýatynda Ýeňiş güni mynasybetli sergi açyldy

10:0905.05.2022
0
5332

Daşoguz welaýatyndaky Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş mynasybetli sergi açyldy. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.

Sergide görkezilýän eksponatlaryň arasynda arhiw neşirler, uruş döwründen söz açýan fotosuratlar, frontdan gelen hatlar, şol ýyllaryň harby eşikleri we uruş weteranlaryna berlen sylaglar bar.

Sergide Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan gahrymanlaryň býustleri hem görkezilýär. Olaryň arasynda Daşoguz welaýatyndan Annagylyç Ataýew, Jumageldi Kaldykaraýew, Jumanyýaz Hudaýbergenow, şeýle-de Saparmet Hojaýewiň býustleri bar.

Bularyň ählisi uruş ýyllarynda öz edermenliklerini görkezdiler. Watan gahrymanlarynyň gaýduwsyzlygyny ýaş nesle ýetirmek bolsa wajypdyr.

Mundan başga-da, sergide Sowet Soýuzyň Gahrymany, leýtenant Annagylyç Ataýewiň harby edermenligi barada gürrüň berildi. 1943-nji ýylyň 21-nji we 22-nji ýanwarynda A.Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky bölümiň söweşijileri duşmanyň hüjümini gahrymançylykly garşy alyp, iki günläp ýedi hüjümi ýatyrmagy başardylar. Annagylyç Ataýew bu söweşde gahrymançylykly wepat boldy. Gahrymanyň ady watandaşlarynyň ýadynda müdimilik galdy.

Muzeý sergisinde 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylara bagyşlanan «Hatyra» we «Şöhrat» kitaplar hem görkezildi. Bu kitaplarda türkmen ýigitleriniň ölmez-ýitmez edermenligi barada gürrüň berilýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň