Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda sabyn önümçiliginde ulanylýan çig ýag turşulygynyň önümçiligi ýola goýuldy

12:3104.05.2022
0
1551

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Döwrebap iş» hususy kärhanasy şu ýylyň ýanwar aýyndan önümçilige başlap, pagta çigidinden alynýan ýagyň çökündisini gaýtadan işlemek arkaly çig turşulygy öndürýär.

TSTB-niň web saýtynyň habar bermegine görä, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän hususy kärhanada uly çeleklerde saklanýan bu çig ýag turşulygy sabyn önümçiliginde giňden ulanylýar. Kärhanada öndürilýän, ekologiýa taýdan arassalygy, ýokary hilliligi bilen tapawutlanýan önümlere alyjylar tarapyndan ýokary isleg bildirilýär. Önümleri öndürmekde ýerli çig maldan peýdalanylýar. Kärhanada öndürilýän önümlere içerki bazarda islegiň ýokary bolmagy, olaryň ýokary hiline güwä geçýär.

«Döwrebap iş» hususy kärhanasy önümlerini Özbegistana eksport edýär. Kärhana geljekde önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmagy, önümleriň görnüşlerini artdyrmagy, öňdebaryjy daşary ýurt kärhanalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň