Turkmenportal logo
30.04.22
15211521
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda tennis boýunça Türkmenistanyň ýygyndysyna saýlama ýaryş geçirildi
Aşgabatda tennis boýunça Türkmenistanyň ýygyndysyna saýlama ýaryş geçirildiSurat: msy.gov.tm

Stol ten­ni­si bo­ýun­ça 2004-nji ýyl­da doglanlaryň we on­dan ki­çi ýaş­ly ýaş­la­ryň arasyn­da Aş­ga­bat şä­he­ri­niň bi­rin­ji­li­gi ge­çi­ril­di. Bu barada "Türkmen sporty" gazeti habar berdi.


Ýaryşa 50-den gow­rak og­lan we 30-a go­laý gyz türgenler gat­naş­dy.


Çe­ke­le­şik­li ge­çen ýaryşda ýaş­lar tür­gen­le­şik­de öw­re­nen­leri­ni us­sat­lyk bi­len ulan­dy­lar. Ne­ti­je­de og­lan­la­ryň ara­syn­da Il­ýas Al­lana­za­row 1-nji or­na my­na­syp bol­dy. Ali­bek Ju­ma­now 2-nji, Güýç­gel­di Al­la­na­za­row 3-nji orun­la­ry eýe­le­di­ler. Ten­nis­çi­le­riň üçü­si­ni hem bu ýa­ry­şa 11-nji sport mek­de­biň tä­limçi­si Ra­şid Ah­me­dow taý­ýar­la­dy.


Gyz­la­ryň ara­syn­da Bä­gül Be­gen­jo­wa (tä­lim­çi­si Ra­şid Ah­me­dow) öň­de­li­gi eýele­di. Aý­nur Ber­di­ýe­wa (tä­lim­çi­si Li­di­ýa Ah­me­do­wa) 2-nji, Me­di­ne Nur­gel­di­ýe­wa (tä­lim­çi­si Ra­şid Ah­me­dow) 3-nji orun­la­ry eýe­le­me­giň höt­de­sin­den­gel­di­ler.


«Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­nyn­da geçi­ri­len ýaryş ugur­daş­lyk­da Türk­me­nista­nyň mil­li ýy­gyn­dy­sy­na saý­la­ma du­şu­şyk hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy.