Soňky habarlar

Arhiw

«Awtoýoly» dükanyna «Varta» akkumulýatorlarynyň täze görnüşleri geldi

18:1329.04.2022
0
3510

Türkmenistanda awtoulaglaryň ýokary hilli hyzmatlaryny we onuň möhüm gurluş böleklerini, zerur ätiýaçlyk şaýlaryny we sarp ediş harytlaryny sürüjilere hödürleýän «Awtoýoly» awtoulag hyzmatlary we söwda dükany Germaniýanyň öňdebaryjy brendi bolan «Varta» akkumulýatorlarynyň täze gelip gowşan görnüşleri bilen müşderileri tanyş edýär.

Akkumulýator gurluşlarynyň ulaglaryň dürli amatlyklaryny nazarda tutulyp öndürilen bu görnüşleri birnäçe aýratynlyklaryna görä tapawutlanyp, uzak möhlete hyzmat edýär. Dükanda «Varta» akkumulýatorlarynyň ters klemmasy 12V 70Ah, hem-de 12V 12Ah, 12V 110Ah ýaly görnüşlerde hödürlenip, dürli möhletler boýunça kepillendirilýär.

Dükana täze getirilen 12V 12Ah kiçi göwrümli bolup, «BMW» we «Mercedes» awtoulaglarynyň içerki kompýuter ulgamynyň elektrik tok beriji ulgamyna gurnalandyr. Olar ulagyň beýleki düzüm bölekleri bilen has-da sazlaşykly işlemegini üpjün edýär. «Awtoýoly» dükanynda bu akkumulýatorlar 1 ýyllyk kepillik hem-de dakyp bermek hyzmaty bilen ýetirilýär.

«Varta» akkumulýatorlarynyň 12V 70Ah ters klemmasy sürüjiler üçin ulanmaga hem-de baha babatda amatlydyr we häzirki wagtda Türkmenistanda sürüjiler tarapyndan uly isleg bildirilip peýdalanylyar.

Dükanda alyjylara ýetirilýän «Varta» akkumulýatorlarynyň awtoulagyň ulanyşa goýberilen ýylyna laýyklykda dürli möhletler boýunça kepillendirilýändigini bellemeli. Has takygy, dükan bu harytlary 2017 — 2022-nji ýyllar aralygynda öndürilen awtoulaglar üçin 24 aý möhlet bilen, 2012 — 2017-nji ýyllaryň ulaglary üçin 18 aý möhlet bilen, şeýle-de ondan öň öndürilen ulaglar üçin bolsa 1 ýyllyk möhlet bilen kepillendirýär. Degişli kepillik möhletinde akkumulýatorlarda ýüze çykyp biljek islendik näsazlyk awtoulag hyzmatlar merkezi tarapyndan üpjün edilýär.

«Awtoýoly» awtohyzmatlar we söwda dükanlarynyň salgylary:

- Aşgabat ş.:

  • G.Kuliýew köçesi. +99312 75-40-09;
  • Ankara (Ýubileýnaýa) köçesi: +99312 45-48-16;
  • «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi: +99312 46-91-02; 1972 (Atatürk) köçesi, 82-nji salgydaky awtoulaglara hyzmat ediş we söwda nokady;

- Mary welaýaty, Mary şäheri, Bagtyýarlyk (Atabaýew) köçesi: +993 522 5-69-82;
- Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Alaýaz köçesi: +993 322 6-19-19;
- Lebap welaýaty, Türkmenabat şäheri, Görogly (Izmir) köçesi, 54-nji jaý. +993 422 2-97-01.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň