Turkmenportal logo
27.04.22
80218021
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi
Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa we ýurduň ähli halkyna Günorta Afrika Respublikasynyň milli baýramy — Azatlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen Lideri Prezident Siril Ramafosa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Günorta Afrika Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we abadançylyk arzuw etdi.