Turkmenportal logo
26.04.22
42154215
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Kataryň «bein Sports» teleýaýlymy «Ahal» ― «Al-Garafa» duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer
Kataryň «bein Sports» teleýaýlymy «Ahal» ― «Al-Garafa» duşuşygyny göni ýaýlymda görkezer

Kataryň «beIN Sports AFC 2» teleýaýlymy AFK-nyň Çempionlar ligasynyň altynjy tapgyryndaky «Ahal» ― «Al-Garafa» duşuşygyny göni ýaýlymda alyp görkezer. Bu barada telekompaniýanyň resmi saýty habar berýär.


Duşuşyk şu gije sagat 01:15-de başlanar. Ol Saud Arabystanynyň Jidda şäherindäki «Patyşa Abdalla Sports Siti» stadionynda geçiriler.


Bu duşuşygyň ykbaly toparlaryň hiç biri üçin hem hiç bir zady kesgitlemez. Çünki olaryň ikisi hem ýaryşyň 1/8 finalyna çykmak mümkinçiligini ýitirdiler.