Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti nobatdaky iş maslahatyny geçirdi

23:4925.04.2022
0
10377
Türkmenistanyň Prezidenti nobatdaky iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurduň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynyň dowamynda döwlet Baştutanyna Oba milli maksatnamasyna, şeýle hem Türkmenistany 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşy, möhüm oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar berildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, welaýatlaryň häkimlerine anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň