Soňky habarlar

Arhiw

Google Play internet dükanynda türkmen radiosy elýeterli boldy

18:4124.04.2022
0
19244
Google Play internet dükanynda türkmen radiosy elýeterli boldy

Google Play internet dükanynda Türkmenistanyň döwlet radioýaýlymlaryny diňlemäge mümkinçilik berýän Türkmen Radio ykjam goşundysy peýda boldy.

Indi ulanyjylar dünýäniň islendik künjeginden «Owaz», «Watan», «Çar tarapdan» hem-de «Miras» radioýaýlymlaryny onlaýn diňläp bilerler.

Android operasion ulgamly smartfonlar üçin niýetlenen goşundy radioýaýlymlaryň efirini ýokary durulykda diňlemäge ýardam berýär.

Ykjam goşundy internet dükanynda tölegsiz esasda hödürlenýär we Android 4.1 we ondan ýokary wersiýaly smartfonlarda işleýär. Radioýaýlymlary diňlemek üçin internet toruna birikmek zerurdyr (EDGE, 3G, LTE ýa-da Wi-Fi).

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň