Türkmenistanyň «Ahal» futbol toparynyň oýunçylary AFK-nyň Çempionlar ligasynyň 5-nji tapgyrynda BAE-niň «Şabab Al-Ahli» toparyndan asgyn geldiler. Duşuşyk Jidda şäherinde geçirildi.
«C» toparçanyň çägindäki bu duşuşyk 2:1 hasabynda garşydaş toparyň peýdasyna tamamlandy. «Şabab Al-Ahliniň» gollaryny 13-nji we 45-nji minutlarda argentinaly futbolçy Fede Kartabýa geçirdi. «Ahalyň» ýeke-täk pökgüsi bolsa 74-nji minutda Arslanmyrat Amanowyň dürs ýerine ýetiren 11 metrlik jerime urgusyndan soň geldi.
«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2022-däki indiki duşuşygyny Kataryň «Al-Garafasy» bilen geçirer.
Toparçalaýyn tapgyryň jemleýji duşuşygyndan ozal «Ahal» 1 utuk bilen iň soňky orny eýeleýär. 11 utuk toplan Eýranyň «Fulad» topary wagtyndan ozal ýaryşyň 1/8 finalyna çykdy. 9 utukly «Şabab Al-Ahli» ikinji, 5 utukly «Al-Garafa» üçünji orunda.

