Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň arheologik ýadygärlikleriniň interaktiw kartasy taýýarlandy

10:4223.04.2022
0
14448

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik döwlet gullugy Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalr merkeziniň Geografik maglumatlar ulgamy (GMU) laboratoriýasynyň EHM üçin progammasyny işläp taýýarlan toparyna 218 belgili awtorlyk şahadatnama gowşurdy. Bu laboratoriýanyň alymlary we hünärmenleri geografik maglumatlar ulgamyndan peýdalanyp, Türkmenistanyň arheologik ýadygärlikleriniň interaktiw kartasyny düzdüler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilýär.

Karta arheologik ýadygärlikleriň sanawy we beýany barada, interaktiw kartanyň özüni, şeýle hem habarlaşmak üçin salgylary görkezýän internet sahypa görnüşindedir.

Sanly interaktiw kartada ýadygärlikleriň ady, ýerleşýän ýeri (welaýaty, etraby), etrap merkezine çenli aralygy ýaly maglumatlar, şeýle hem ýadygärlikleriň fotosuratlary bar.

Interaktiw kartada Türkmenistanyň çägindäki we serhetýaka döwletlerdäki ilatly ýerleri, suw desgalary (derýalar, köller), awtomobil ýollary, demir ýollar, Beýik ýüpek ýolunyň ugry gatlaklaýyn görkezilýär, relýefli we älemden alnan suratlar bar.

Kartada ulaldylýan/kiçeldilýän usullar, ady boýunça binalary gözlemek usullary bar. Ýadygärlikleriň käbiriniň (Nusaý, Paryzdepe) 3d şekili bolup, olar bar bolan salgylarda aýratyn goşundylarda açylýar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň