Turkmenportal logo
18.04.22
18721872
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
“Samsung” dikeldilen arzan smartfonlaryň satuwyna başlamakçy
Surat: smotrim.ru

Samsung kompaniýasynyň geçen ýyl öndüren flagman smartfonlaryny golaý günlerde arzan bahadan satyn alyp bolar. Günorta koreýa önümçilikçisi täzeden dikeldilen Galaxy S21, S21+ we S21 Ultra kysymly ykjam telefonlary üçin deslapky sargytlary kabul edip başlady.


Bölek satuwda enjamlar 28-nji aprelde peýda bolar, ähli dikeldilen smartfonlar barlagdan geçirilen we bir ýyl kepillik möhleti bilen satylar.


Häzirlikçe dikeldilen smartfonlary ABŞ-nyň bazarynda satmagy meýilleşdirýärler, şunda olar öňkülerden 15 göterim arzan bolar.