Türkmenbaşy şäherinde ulag we kommunikasiýa edaralarynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlaryň düýbi tutuldy

13:5715.04.2022
0
11139

Şu gün — 15-nji aprelde Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ulag we kommunikasiýa edaralarynyň işgärleri üçin täze ýaşaýyş jaýlarynyň bäşisiniň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. «Türkmenistan» gazetiniň elektron neşirinde habar berlişi ýaly, dabara Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň 8-nji aprelinde gol çeken Kararyna laýyklykda, ulag-kommunikasiýa toplumynyň işgärleri üçin niýetlenen, ähli amatlyklary bolan 4 gatly, 60 öýli 5 sany ýaşaýyş jaýynyň gurluşyk işleri 2024-nji ýylyň aprel aýynda tamamlanar.

Ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşyk işleri «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň buýurmasy boýunça «Ynamly hyzmatdaşlar» hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barlar.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň