Turkmenportal logo
15.04.22
81228122
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasynda «Fulad» bilen deňligi elden gidirdi
«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasynda «Fulad» bilen deňligi elden gidirdi

AFK Çempionlar ligasynyň 2022-nji ýyldaky toparçasynyň 3-nji tapgyrynda "Ahal" Eýranyň "Fulad" toparyndan utuldy. "Jiddadaky" (Saud Arabystany) “King Abdullah Sports City” stadionynda geçirilen duşuşyk 0:1 hasabynda tamamlandy.


Eýran toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly oýnuň 90-njy minudynda Moussa Koulibaly derwezä girizmegi başardy.


Goragçy Şöhrat Söýünowyň 51-nji minutda topardan çykarylmagyndan soň, "Ahalyň" 10 adam bilen oýny tamamlandygyny bellemelidiris.


"Ahal" "Fulad" bilen 18-nji aprelde ýene duşuşar.


Şeýle hem, türkmen topary "Şabab Al-Ahli" (22-nji aprel) we "Al-Garafa" (27-nji aprel) bilen oýnar.